Hytaýyň Transsion kompaniýasy dünýäde dördünji uly smartfon öndürijisi bolup biler

  • 20.11.2023 22:03
  • 7.3k+

IDC analitik kompaniýasynyň statistikasy Hytaýyň Transsion smartfon öndürijisiniň üçünji çärýegiň jemi boýunça dünýä bazarynyň 8,6%-ini eýelemegi başarandygyny we 8,9% bilen dördünji orny eýeleýän Oppo kompaniýasyndan birneme yza galandygyny görkezýär. Şol bir wagtyň özünde, bu kompaniýanyň smartfon üpjünçiligi 35% ýokarlandy we umuman, işiň ösüş dinamikasy onuň bu reýtingde dördünji orny eýelemegine bil baglamaga mümkinçilik berýär diýip, 3dnews.ru belleýär.

Ýylyň başyndan sentýabr aýyna çenli Transsion-yň girdejisi ýyllyk deňeşdirmesinde 20% ýokarlanyp, 5,8 mlrd dollara ýetdi, arassa girdeji bolsa 70% ýokarlandy. Kompaniýa smartfon bazarynda ýaş oýunçy, ol häzirki at bilen 2013-nji ýyldan bäri hereket edýär. Kompaniýanyň iş strategiýasy Afrikanyň, Ýakyn Gündogaryň we Günorta Aziýanyň bazarlaryna gönükdirilýär. Geçen çärýek Transsion smartfon üpjünçiliginiň göwrümini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 35%, ýagny 26 mln birlige çenli artdyrdy.
Geçen ýyl Transsion özüniň Tecno, Itel we Infinix söwda markalarynyň kömegi bilen Afrikanyň smartfon bazarynyň 40%-ini eýeledi. Ol Pakistanda we Bangladeşde hem öňdebaryjy orunlary eýeleýär. Kompaniýanyň Efiopiýada, Hindistanda we Bangladeşde smartfon öndüriji kärhanalary bar. Ol belli bir ýurtlarda we sebitlerde programma üpjünçiligini müşderileriň zerurlyklaryna görä uýgunlaşdyrmak ugrundaky tagallalary bilen hem üstünlik gazanýar. Mysal üçin, ol has garaýagyz bedenli ulanyjylar üçin ýüz tanamak ulgamynyň has gowy işlemegini gazandy. Fewral aýynda çeýe displeýli ilkinji smartfonyny hödürledi we emeli aň tehnologiýalaryna maýa goýup başlady.

düýn 14:20
2.3k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

17.06.2026 11:29
4.5k+

Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy....

17.06.2026 11:16
931

Pirelli 2028-nji ýyla çenli «Formula-1» üçin tekerleriň ýeke-täk üpjünçisi bolup galar

«Formula-1» we Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) Italiýanyň Pirelli kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň möhletini 2028-nji ýyla çenli uzaltdy. Öndüriji çempionat, şeýle-de «Formula-2», «Formula-3» we......

17.06.2026 09:59
1.1k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......