Jud Bellingem Golden Boy – 2023 baýragynyň eýesi boldy

  • 18.11.2023 22:12
  • 9.2k+

Madridiň “Realynyň” angliýaly ýarym goragçysy Jud Bellingem “Tuttosport” italýan neşiri tarapyndan möwsümiň jemi boýunça iň gowy ýaş futbolça berilýän “Golden Boy” baýragyna mynasyp boldy. Bu barada neşiriň resmi saýtyna salgylanyp, championat.com habar berýär.

“Altyn Jud. Golden Boy 2023 baýragynda iň gowy futbolçynyň Jud Bellingem bolandygy düşnüklidir. Haçan-da Ýewropanyň iň abraýly gazetlerinden 50 sany görnükli žurnalistden ybarat halkara emin agzalary 20 ýaşly futbolça mümkin bolan 500 baldan 485 bal berende, telpegiňi çykaraýmak galýar. Uly üstünlik. Dogry 97% ses. Mbappe hem Golden Boy 2017 baýragynyň ýeňijisi bolanda, şeýle göterim alypdy (300-den 291 ses, ýöne şol wagt emin agzalary 50 däl-de, 30 adamdan ybaratdy).

“Madridlileriň prezidenti Florentino Peresiň oýunçyny “Bernabeuwa” çagyrmak üçin tomusda 103 mln ýewro (bonus hökmünde ýene 35 mln ýewro) tölän nemes kluby Dortmundyň “Borussiýasynyň” öňki ýyldyzyny gutlaýarys” – diýlip, beýanda aýdylýar.


şu gün 13:03
9.3k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

şu gün 12:40
7.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

şu gün 11:14
5k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

düýn 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....