Braziliýaly Pereýra Prohazkany ýeňip, ýarym agyr agram derejede UFC-niň çempiony boldy

  • 13.11.2023 12:51
  • 12k+

Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça braziliýaly türgen Aleks Pereýra Nýu-Ýorkda (ABŞ) geçirilen UFC 295 ýaryşynyň esasy söweşinde çehiýaly Irži Prohazkany ýeňdi.

UFC-niň ýarym agyr agram derejesiniň çempionlygy ugrundaky tutluşyk ikinji raundda tamamlandy. Pereýra ilki Prohazkany nokdauna iberdi, soň bolsa ýumruk we tirsek urgulary bilen ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, braziliýaly söweşiji titulyň eýesi boldy.
Bu 36 ýaşly Pereýranyň MMA-da dokuzynjy ýeňşi boldy, şeýle hem onuň iki ýeňlişi bar. Ozal braziliýaly türgen Israel Adesanýany ýeňip, UFC-niň orta agram derejesiniň çempionlyk kemerine eýe bolupdy. Jogap duşuşygynda (rewanş) Adesanýa Pereýrany nokaut bilen ýeňdi we braziliýaly türgen ýarym agyr agram derejesine geçmek kararyna geldi.
Prohazka ozal UFC-niň ýarym agyr agram derejesiniň çempiony bolupdy. Pereýradan ýeňilmegi onuň karýerasyndaky dördünji ýeňliş boldy, şeýle hem 31 ýaşly türgeniň 29 ýeňşi we bir deňme-deň tamamlanan tutluşygy bar.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......