BMG Gaagada Halkara Kazyýetiň bäş agzasyny saýlady

  • 11.11.2023 12:07
  • 5.6k+

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi (HG) we Baş Assambleýasy (BA) Gaagadaky Halkara Kazyýetiniň bäş agzasyny dokuz ýyl möhlet bilen saýlady. Bu barada Report agentligi habar berýär.

Ses bermek üçin 2024-nji ýylyň fewral aýynda bäş kazynyň ygtyýarlylyk möhletiniň tamamlanmagy bilen baglylykda kazyýetde boşaýan bäş wezipe çykaryldy. Halkara Kazyýetiniň düzümine saýlanmak üçin Awstraliýadan, Kongo Demokratik Respublikasyndan, Müsürden, Zambiýadan, Meksikadan, Rumyniýadan, RF-den, ABŞ-dan we GAR-dan dalaşgärler dalaş etdi.
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde geçirilen ses berişligiň jemi boýunça Halkara Kazyýetiniň düzümine Bogdan Auresku (Rumyniýa), Sara Hall Kliwlend (ABŞ), Huan Robledo (Meksika), Hilari Çarlzuort (Awstraliýa) we Tladi Dire (GAR) saýlandy. Bu dalaşgärler BMG-niň Baş Assambleýasynda hem zerur ses sanyny aldylar.
Kazyýetiň düzümine gaýtadan saýlanan awstraliýaly Çarlzuort öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam etdirer, beýleki saýlanan dört kazy bolsa 2024-nji ýylyň 6-njy fewralyndan işe girişer.  


27.04.2026 02:06
4.2k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

24.04.2026 16:06
1.5k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

20.04.2026 21:27
2.7k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Antalýada halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen birnäçe netijeli duşuşyklary......

15.04.2026 16:06
1.3k+

Türkmenistan BMG-niň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparyna saýlandy

2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Türkmenistan 2027-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Guramanyň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparynyň agzalygyna......