UFC-niň çempiony Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy belli boldy

  • 06.11.2023 21:44
  • 29k+

UFC-niň ýeňil agramdaky çempiony Islam Mahaçew indiki tutluşygyny amerikaly meşhur pälwan Jastin Getjä garşy geçirer. Muny tanymal menejer Ali Abedel-Aziz X (öňki Twitter) sosial ulgamy arkaly yglan etdi.

Ondan öň metbugatda Mahaçewiň indiki garşydaşynyň braziliýaly söweşiji Çarlz Oliweýra boljakdygy barada myş-myşlar peýda bolupdy. Şeýle-de bolsa, russiýaly söweşijiniň menejeri Ali Abedel-Aziz bu maglumatlary ret edip, Jastin Getjiniň Mahaçewiň indiki garşydaşy boljakdygyny aýtdy.
Islam Mahaçewiň soňky söweşi 21-nji oktýabrda Abu-Dabide (BAE) bolan UFC 294 ýaryşynda geçdi. Onuň garşydaşy awstraliýaly Aleksandr Wolkanowski bolupdy. Mahaçew birinji raundda garşydaşyna haý-kik urup, soňundan yzygider urgular bilen ony ýeňlişe sezewar etdi.


düýn 14:40
3.7k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
8.8k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....