2034-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyna kabul etmäge diňe Saud Arabystany dalaş edýär

  • 01.11.2023 11:09
  • 18k+

Saud Arabystany 2034-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna ýer eýeçiligini etjek ýeke-täk dalaşgär bolmagynda galar. Bu barada The New York Times-yň (NYT) žurnalisti Tarik Panýa özüniň X (öňki Twitter) sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi.

Ondan öň Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy 2034-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna ýer eýeçiligini etmek üçin teklip hödürländigini habar beripdi.

"Awstraliýa 2034-nji ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna ýer eýeçiligini etmäge dalaşgär bolup bilmez, onuň hiç wagt nesibesi bolmandy. Isleg bildirmeleriň tassyklanmaly möhleti şu gün. Şeýlelikde, Saud Arabystany şu aýyň başynda FIFA tarapyndan yglan edilen tender prosesine gatnaşmaga dalaş edýän ýeke-täk ýurt bolmagynda galýar" diýip, Panýa ýazýar.

4-nji oktýabrda Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2034-nji ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna ýer eýeçiligini etmek üçin diňe Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň bäsleşip biljekdigini habar beripdi. 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. 2030-njy ýylyň dünýä çempionatynyň esasy ýer eýeleri Ispaniýa, Portugaliýa we Marokko bolar, ýaryşyň açylyş oýny Urugwaýda, ondan soňky iki oýun Argentinada we Paragwaýda bolar.


düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.7k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....