«Real» Winisius Junior bilen şertnamasyny 2027-nji ýyla çenli uzaltdy

  • 31.10.2023 22:24
  • 8.2k+

Madridiň «Realynyň» braziliýaly oýunçysy Winisius Junior klub bilen şertnamasyny 2027-nji ýyla çenli uzaltdy.

Madridiň «Realynyň» X-däki (öňki Twitter) resmi akkauntynda: "Entek indi ýazylmaly taryh" diýilýär.
Ondan öň metbugatda Winisiusyň täze şertnamasynda onuň aýlyk hakynyň ýokarlanmagy göz öňünde tutulýar diýen maglumatlar peýda boldy.
Winisiusyň 2018-nji ýylda 35 million ýewro bilen “Flamengo”-dan Madridiň “Real”-yna göçendigini ýatladýarys. Oýunçynyň klub bilen öňki şertnamasy 2024-nji ýylyň iýun aýyna çenli güýjünde galýar. Transfermarkt internet portalynyň habaryna görä, oýunçynyň bazar bahasy 150 million ýewro. Üstümizdäki möwsümde braziliýaly winger ähli ýaryşlarda on oýunda oýnady we üç pökgi geçirdi hem-de üç gezek netijeli pas berdi.


şu gün 13:03
9.3k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

şu gün 12:40
7.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

şu gün 11:14
5k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

düýn 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....