Pekin Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň täze şahasynyň gurluşygyny çaltlaşdyrmak isleýär

  • 30.10.2023 16:14
  • 12k+

Hytaýyň Milli Nebit Korporasiýasy Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisiniň D şahasynyň gurluşygyny çaltlaşdyrmagy maksat edinýär.

Trend agentliginiň habar berşi ýaly, ýylda 30 milliard kub metr kuwwatly täze gaz geçirijisi Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň üsti bilen geçip, öňki bar bolan A, B we C ugurlary bilen bitewi tory döreder.
Deslapky maglumatlara görä, täze ugur beýleki üç şahanyň kuwwatyny 50 göterimden geçirer we Özbegistanyň Surhandarýa welaýatyndan geçer.
2022-nji ýylda günde takmynan 100 million kub metr tebigy gazy üstünden akdyrýan bu gaz geçirijisi arkaly Hytaýa, takmynan, 42 milliard kub metr tebigy gazyň iberilendigini bellemelidiris.
Gaz geçirijisiniň umumy uzynlygy 9 müň kilometre, özbek böleginiň uzynlygy 530 kilometre barabardyr. Üç şahanyň hem geçirijilik ukyby ýylda 50 milliard kub metr gazdyr. Gaz turbasynyň üçünji şahasy bary-ýogy bir ýylyň içinde guruldy we şeýle desgalaryň gurluşygynyň tizligi boýunça dünýä rekordyna öwrüldi. Üç şahanyň jemi bahasy 4 milliard amerikan dollary.


düýn 19:01
3.5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...