Fýuri boks söweşinde Ngannudan üstün çykdy

  • 29.10.2023 08:46
  • 20k+

28-nji oktýabrda Er-Riýadda professional boks agşamy geçirildi we onuň esasy wakasynda super agyr agramda WBC-niň häzirki dünýä çempiony Taýson Fýuri bilen UFC-niň öňki çempiony, kamerunly söweşiji Frensis Ngannu duşuşdy. 

Söweş on raund dowam edip, emin agzalarynyň tapawutly karary bilen Fýuriniň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.
Belläp geçsek, üçünji raundda Fýuri Ngannunyň güýçli urgusyndan soň nokdauna düşdi.
Britaniýalynyň hasabynda professional ringde 35 söweş bolup, olaryň 34-üsinde ýeňiş gazandy we bir söweş deňme-deňlik bilen tamamlandy.
Frensis Ngannu üçin bu professional ringde ilkinji çykyş boldy. Öň, ol garyşyk başa-baş söweşlerde 20 söweşe gatnaşyp, 17 ýeňiş gazandy, üç gezek ýeňlişe sezewar boldy.
Fýuri indiki söweşini ukrainaly boksçy Aleksandr Usik bilen geçirip biler.


şu gün 09:52
2.5k+

Nemes boksçysy garşydaşyny birnäçe sekuntda bir urgy bilen nokauta ugratdy

Nemes boksçysy Wiktor Ýurk professional boks taryhynda iň çalt nokautlaryň birini amala aşyrdy....

08.05.2026 10:25
5.2k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.7k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......