Asmanexpress ter gök önümlere uly arzanlaşyk. Aksiýa 2 gün dowam eder

  • 27.10.2023 22:18
  • 10k+

10 minutda eltip bermek hyzmatyny hem-de bazardan tapyp biljek iň arzan bahaňyzy bir ýerde hödürleýän Asmanexpress onlaýn platformasy ter gök önümlere uly arzanlaşyk aksiýasyny yglan edýär.
Howlugyň! Arzanlaşyk aksiýasy bary-ýogy 2 gün — 28-29-njy oktýabrda dowam eder.

Aksiýanyň çäklerinde şu aşakdaky bahalar hereket eder:

  • Käşir (gyzyl) – 2,5 m
  • Şugundyr – 2,4 m
  • Kelem – 2,5 m
  • Bulgar burç – 1,4 m
  • Badam – 2,5 m
  • Hyýar prada – 5 m
  • Kädi – 4,5 m
  • Kartoşka (ýerli) – 4 m
  • Sogan – 2,4 m
  • Bulgar burç (gyzyl) – 1,6 m

Ýakynda Asmanexpress ykjam goşundysynda «Resept» atly täze rubrika peýda boldy. Bu bölümde gündelik taýýarlap boljak tagamlaryň reseptleri görkezilýär. Resept bilen birlikde, şol tagamy taýýarlamak üçin gerekli önümleriň sanawy hem hödürlenilýär.
Indiden beýläk, agşamlyk naharyna haýsy hem bolsa bir tagamy taýýarlamagy ýüregiňize düwen bolsaňyz, dükandan şoňa gerekli önümleriň hemmesini alyp-almandygyňyz barada endişe etmäge gerek ýok. Asmanexpress Resept bölüminde tagamy taýýarlamak üçin gerekli önümleri gönüden-göni şol ýerden sargyt eder ýaly etdi. Günde näme nahar etmeli diýýänler üçin Asmanexpress bu bölüminde reseptleri gündelik täzeläp durar.
Şeýle hem, Asmanexpress platformasyna täze hyzmaty hödürleýär. Ulanyjylarynyň sanynyň artmagy bilen Asmanexpress platformasynda isleg bildirýänleri reklamasyny paýlaşmaga çagyrýar. Asmanexpress-de reklamaly bannerini çykartmak isleýänler +99364755997 / +99361282393 telefon belgileri bilen habarlaşyp bilerler.
Galyberse-de, Asmanexpress-iň Arassa Asman bölümi bary-ýogy 10 minutda öýüňize 19 litrlik Arassa Asman arassalanan agyz suwuny getirdip bolýandygyny ýatladýar.

Asmanexpress – pikir edişiňizdenem ÇALT!
Eltip bermek hyzmaty her gün 7:30-dan 23:00-a çenli işleýär.
Asmanexpress ykjam goşundysyny: Google Play we AppStore salgylaryndan ýükläp alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin:
+99361282393;
+99364 755997
Saýt: asmanexpress.com
Elektron poçta: info.asmanexpress@gmail.com

12.06.2026 18:22
8.9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....