UFC-niň Jons – Mioçiç titul söweşi ýatyryldy

  • 25.10.2023 21:56
  • 10k+

UFC 295 ýaryşynyň agyr agramda promouşeniň häzirki çempiony Jon Jons bilen Stipe Mioçiçiň arasyndaky esasy söweşi ýatyryldy. Bu barada UFC-niň başlygy Deýna Uaýt aýtdy diýip, vesti.ru belleýär.

Söweş 11-nji noýabra meýilleşdirilipdi. Uaýtyň aýtmagyna görä, Jons türgenleşik wagty kükrek myşsasyna zeper ýetirýär. Indi oňa operasiýa we dikelmek üçin azyndan ýarym ýyl gerek.
Ýatlap geçsek, Jons agram kategoriýasyna garamazdan UFC-niň reýtinginde birinji orunda durýar. Ol 2011-nji ýylda ýarym agyr agramda guramanyň çempion guşagyny eýeledi, şondan soň sekiz gezek ony gorady, soňra doping meselesi sebäpli guşagy ýitirdi.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......