Mahaçew agram kategoriýasyna garamazdan UFC-niň reýtinginde ýokary galdy

  • 25.10.2023 10:09
  • 14k+

Absolýut söweş çempionaty (UFC) resmi saýtynda promouşeniň reýtinglerini täzeledi. Ýeňil agram kategoriýasynda promouşeniň çempiony Islam Mahaçew agram kategoriýasyna garamazdan UFC-niň reýtinginde ikinji orna galdy. Birinji orunda Jon Jons saklanýar. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

21-nji oktýabrda UFC 294 ýaryşy geçirildi. Onuň esasy wakasynda Islam Mahaçew birinji raundda awstraliýaly Aleksandr Wolkanowskini nokaut arkaly ýeňdi we ikinji gezek titulyny gorady. Ol bu söweşi üçin 1,79 mln dollar, onuň garşydaşy bolsa 1,58 mln dollar gazandy.
Ikinji esasy söweşde Hamzat Çimaýew emin agzalarynyň karary bilen Kamaru Usmandan üstün çykdy. Şwesiýaly söweşiji ýeňşi üçin 865 müň dollar, onuň garşydaşy bolsa 1,02 mln dollar gazandy.
Ilkibaşda Abu-Dabide geçirilen bu ýaryşda Mahaçew Çarlz Oliweýra bilen duşuşmalydy, ýöne ol türgenleşikde şikes alandygy sebäpli çykyş edip bilmedi.


düýn 14:40
3.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
8.7k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....