Mourinýo ikinji gezek «Realyň» baş tälimçiligine saýlanyp biler

  • 23.10.2023 15:07
  • 14k+

Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine göz öňünde tutulýan hünärmenleriň hatarynda Rimiň «Roma» toparynyň baş tälimçisi Žoze Mourinýo hem bar.

Madridiň «Realynyň» ýolbaşçylary klubuň häzirki tälimçisi Karlo Ançelotti bilen şertnamanyň möhleti gutaranda, ýagny 2024-nji ýylyň tomsunda Mourinýony çagyrmagy meýilleşdirýärler.
Aprel aýynda Mourinýonyň Saud Arabystanyndan 120 million ýewrolyk iki teklip alandygy habar berildi.
Mourinýo «Portu» we «Inter» klublaryna ýolbaşçylyk edip, Çempionlar ligasynda iki gezek ýeňiji boldy. Şeýle hem tälimçi «Çelsi», «Mançester Ýunaýted» we «Tottenhem» klublarynda işledi.
Mourinýo 2010-njy ýyldan 2013-nji ýyla çenli «Real Madride» ýolbaşçylyk etdi. Klub bilen 2011/12 möwsümde Ispaniýanyň çempiony boldy.


şu gün 13:03
9.3k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

şu gün 12:40
7.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

şu gün 11:14
5k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

düýn 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....