«Bir guşak, bir ýol» başlangyjy dünýä habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde

  • 20.10.2023 15:28
  • 12k+

Hytaýda «Bir guşak, bir ýol» Üçünji ýokary derejeli maslahaty (BRF) tamamlandy. Bu maslahat syýasaty öwrenijileriň we sebitdäki dürli habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň aýtmagyna görä, soňky döwrüň möhüm wakasyna öwrüldi.

Ol diňe foruma gatnaşan ýurtlaryň gerimi bilen däl, eýsem, ony geçirmek üçin çuňňur oýlanyşykly strategiýasy bilen hem haýran galdyrdy. Döwlet Baştutanlarynyň we ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşan çäresiniň esasy resmi bölüminden başga-da «Bir guşak, bir ýol» maslahatynyň çäginde birnäçe duşuşyklar guraldy.
Goşmaça forumlarda hünärmenler we Pekine gelen myhmanlar Aziýa yklymynyň ýurtlarynyň ilatyny gyzyklandyrýan iň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasatşynaslar, bilermenler we analitikler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklara, howa bilen bagly we başga-da birnäçe meselelere üns berdiler.
Şol bir wagtyň özünde, bolup geçýän wakalaryň hemmesi köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, guramaçylar, esasan hem «Ženmin žibao» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan beýan edildi. Žurnalistler üçin HHR-de bolmagyň ýörite maksatnamasy hem taýýarlanypdyr. Şeýle hem žurnalistikanyň ösüşiniň häzirki döwrüniň iň möhüm meseleleriniň biri bolan kiberhowpsuzlyk we sarp edijilere ygtybarly maglumat getirmek barada çekişme geçirildi.
Hususan-da, Hytaýyň paýtagtynda «Bir guşak, bir ýol» metbugat hyzmatdaşlygy forumy geçirildi, oňa 60-dan gowrak ýurtdan dürli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Onda biziň ýurdumyza «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň direktory Myrat Bekmyradow wekilçilik etdi. Forumda metbugat işgärleri Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyny öňe sürmekde žurnalistleriň möhüm ornunyň bardygyny aýtdylar. Hytaýyň başlangyçlary köp babatda sebitdäki goňşularynyň meýilnamalaryna, ösüşine laýyk gelýär we olar özara baglanyşyklydyr.
Forumda kiberhowpsuzlyk we maglumat ygtybarlylygy meselelerini bilelikde çözmek üçin mümkinçilikleri ösdürmegiň we başarnyklary ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtaýanlaryň sözleri has-da ýerlikli boldy. Munuň üçin özara peýdaly hyzmatdaşlyk, şol sanda «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çäginde pikir alyşmak, tejribe we tehnologiýa alyşmak has möhümdir.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň forumynda «Bir guşak we bir ýol» başlangyjy bilen baglanyşykly neşirleri, telewideniýede hem-de radio ýaýlymlarda berlen gepleşikleri bilen tapawutlanan žurnalistleri sylaglamak dabarasy geçirildi. Şeýle hem Ýewraziýanyň öňdebaryjy habar beriş serişdeleri üçin forumyň çäginde metbugat gezelenji guraldy. Gezelençde žurnalistler Pekin, Sian, şeýle hem Sindao şäherlerindäki ösen kärhanalaryň işleri we häzirki zaman jemgyýetçilik-medeni desgalary bilen tanyşdylar.


düýn 17:19
1.5k+

Günorta Koreýa Türkmenistandaky täze ilçisini belledi

Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrligi Li Won Çženi Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledi. Bu barada Daşary işler ministrligine salgylanyp, «Orient» habar berýär...

düýn 16:23
814

Geçen hepde TDHÇMB söwdalarynda geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 9 mln dollaryndan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda jemi 34 sany geleşik hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Gruziýanyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen polipropileni we binýatlyk ýagy satyn aldy...

15.03.2026 09:38
7.7k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow musulman dünýäsiniň iň mukaddes gijeleriniň biri bolan Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda türkmen halkyna öz gutlag hatyny iberdi. Gutlagyň doly teksti TDH tarapyndan çap edildi...

14.03.2026 10:01
1k+

Pekinde Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

13-nji martda Pekin şäherinde şu ýylyň 28–30-njy aprelinde Aşgabatda geçiriljek Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi...