Ýarym ýeňil agramda WBO-nyň çempiony 10-njy dekabrda belli bolar

  • 18.10.2023 12:47
  • 8k+

Ýarym ýeňil agramda (57,2 kg çenli) WBO-nyň dünýä çempiony kubaly Robeýsi Ramires (13-1, 8 KO) 10-njy dekabrda ABŞ-da geçiriljek Top Rank promouter kompaniýasyndan boks agşamynyň esasy tutluşygynda çykyş eder. Bu barada BoxingScene habar berýär diýip, championat.com belleýär.

Ramires 29 ýaşly meksikaly Rafael Espinoza (21-0, 18 KO) garşy titul goragyny geçirer. Söweşiji 2013-nji ýyldan bäri professional ringde çykyş edýär we ähli söweşlerini diýen ýaly watanynda geçirdi.
Robeýsi Ramires 29 ýaşynda. Ol 2012-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň, şeýle-de 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýroda geçirilen Olimpiadanyň ýeňijisidir. Ol professional boksda ilkinji gezek 2019-njy ýylda çykyş etdi we ilkinji söweşinde ýeňildi. 2023-nji ýylyň aprel aýynda dünýä tituly üçin göreşip, eks-çempion Aýzek Dogbodan üstün çykdy.


şu gün 09:52
5.3k+

Nemes boksçysy garşydaşyny birnäçe sekuntda bir urgy bilen nokauta ugratdy

Nemes boksçysy Wiktor Ýurk professional boks taryhynda iň çalt nokautlaryň birini amala aşyrdy....

08.05.2026 10:25
5.2k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.7k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......