Aziýanyň boks konfederasiýasy IBA-nyň howandarlygynda galmak kararyna geldi

  • 17.10.2023 12:41
  • 4.9k+

Aziýanyň boks konfederasiýasy (ASBC) Halkara boks birleşiginiň (IBA) howandarlygynda galmak we täze World Boxing guramasyna geçmezlik kararyna geldi. Bu barada ASBC-niň metbugat gullugy habar berdi.

Bu karar guramanyň Bangkokdaky nobatdan daşary gurultaýynda kabul edildi. 31 federasiýa IBA-nyň howandarlygynda galmak üçin ses berdi, üç federasiýa World Boxing-e goşulmak üçin ses berdi, biri saklandy.

"Geçen ýygnakda möhüm meseleler çözüldi we agza guramalaryň ses berişlik teswirnamasyndan soň Aziýanyň Boks Konfederasiýasy, Halkara Olimpiýa Komiteti (HOK) täze halkara federasiýany ykrar edýänçä, IBA-nyň düzüminde galýar. Aziýanyň boks konfederasiýasynyň Direktorlar geňeşi, şol sanda guramanyň prezidenti boksçylarymyza Olimpiýa arzuwlaryny amala aşyrmakda goldaw bermäge borçlandy "- diýip beýanatda aýdylýar.

Iýun aýynda Halkara olimpiýa komitetiniň mejlisi IBA-ny köp ses bilen Olimpiýa hereketinden çykardy, sebäbi 2019-njy ýylda Olimpiýa saýlawlaryny we Olimpiýa ýaryşlaryny geçirmek hukugyndan mahrum edilen halkara federasiýa maliýe we dolandyryş meselelerini çözüp bilmedi. 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Oýunlarda Olimpiýa boks ýaryşyny guramak we geçirmek meselesini Halkara olimpiýa komiteti öz üstüne aldy. Oktýabr aýynda Halkara Olimpiýa Komitetiniň başlygy Tomas Bah IBA-ny Olimpiýa hereketiniň agzasy hökmünde dikeltmek mümkinçiligini aradan aýyrdy.


şu gün 09:52
1.3k+

Nemes boksçysy garşydaşyny birnäçe sekuntda bir urgy bilen nokauta ugratdy

Nemes boksçysy Wiktor Ýurk professional boks taryhynda iň çalt nokautlaryň birini amala aşyrdy....

08.05.2026 10:25
5.2k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.7k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......