Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy tas 3 esse ýokarlandy

  • 14.10.2023 17:09
  • 14k+

2023-nji ýylyň ýanwar – awgust aýlarynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende tas 3 esse ýokarlanyp, 645 mln ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Bakuwda, “Gülüstan” köşgünde geçirilen dabarada Azerbaýjanyň Zähmet we ilatyň sosial goragy ministri Sahil Babaýew aýtdy.

“2021-nji ýylda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň wodorod baýlyklaryny bilelikde gözlemek we ulanmak boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekilmegi sebitiň gülläp ösüşini ýokarlandyrmak, parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, Hazarda hyzmatdaşlygy ösdürmek we energetika howpsuzlygyny güýçlendirmek nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýete eýedir. Biz ulag we üstaşyr pudagynda-da uly öňegidişlikleri gazandyk” – diýip, Sahil Babaýew belledi.

Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow ýurduň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri barada aýtmak bilen, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokaryň derejesine ünsi çekdi.
Çärede Azerbaýjanyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Eldar Guliýew we Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow hem çykyş etdi. Dabara diplomatik missiýalaryň ýolbaşçylary, döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.


11.05.2026 22:55
885

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......