UFC Makgregor sebäpli USADA bilen hyzmatdaşlygy tamamlar

  • 14.10.2023 15:30
  • 23k+

Absolýut söweş çempionaty (UFC) ABŞ-nyň Antidoping agentligi (USADA) bilen garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) irlandiýaly söweşijisi Konor Makgregoryň guramanyň barlag sanawyna (TP) goşulan gününden başlap, alty aý möhleti tamamlanýança çykyşynyň gadagan edilmegi bilen baglylykda hyzmatdaşlygyny tamamlar. Bu barada USADA-nyň resmi saýtynda habar berilýär diýip, rsport.ria.ru belleýär.

Oktýabr aýynda Makgregor USADA-nyň barlag sanawyna goşulandygyny habar berdi. Öň, Makgregoryň dekabr aýynda amerikaly Maýkl Çendler bilen söweşip biljekdigi belli bolupdy. Ýöne USADA Makgregora sanawa goşulandan soň alty aý möhleti tamamlanmazdan çykyş etmegine rugsat bermedi.

“Biz UFC guramasyna Makgregor üçin heniz iki otrisatel barlag tabşyrmasa we sanawda azyndan alty aý bolmasa, hiç hili kadadan çykmanyň bolmaly däldigini açyk we berk aýtdyk. Düzgünler USADA sanawa goşulandygy baradaky beýanyna we barlag netijelerine esaslanyp, adamy ýaryşlar başlaýança ondan hem köp wagtlap sanawda saklamaga mümkinçilik berýär. Gynansak-da, häzirki wagtda biz UFC-niň alty aýlyk ýa-da ondan hem köp wagtlyk talabymyzy berjaý etjekdigini ýa-da ýokdugyny bilmeýäris, sebäbi 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan USADA UFC-niň antidoping programmasyna gatnaşmaz. 2023-nji ýylyň maý aýynda şertnamany uzaltmak baradaky oňyn we netijeli duşuşyga garamazdan, UFC gaýra tesip, duşenbe güni başga ugurdan gitjekdigini USADA duýdurdy” – diýlip, guramanyň beýanynda aýdylýar.


07.06.2026 20:02
7.1k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

06.06.2026 11:31
3.5k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......