Türkmen wekiliýeti Bakuda TÜRKSOÝ-yň duşuşygyna gatnaşdy

  • 12.10.2023 19:19
  • 7.6k+

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy Bilbil Babaýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti 12-nji oktýabrda Azerbaýjanyň Baku şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Hemişelik geňeşiniň ýokary wezipeli wekilleriniň 2-nji duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň saýty habar berýär.

TÜRKSOÝ-yň baş sekretary Sultan Raýewiň ýolbaşçylygynda geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň hem-de Türkiýäniň degişli ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda 13-14-nji oktýabrda Şuşa şäherinde geçiriljek Türki medeniýetiň halkara guramasy TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 40-njy mejlisine taýýarlyk bilen bagly meseleler we wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
13-14-nji oktýabrda Şuşada Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýurtlarynyň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 40-njy mejlisi geçiriler. Oňa Türkmenistanyň medeniýet ministriniň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Mejlisde kabul ediljek möhüm kararlaryň biri hem «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» adynyň Änew şäherine geçirilmegi bolar.


11.05.2026 22:55
885

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......