Linkoln uniwersitetiniň wise-prezidenti türkmen talyplary üçin umumy sapak geçirdi

  • 12.10.2023 18:59
  • 8.5k+

Pedagogika ylymlarynyň doktory, Linkoln uniwersitetiniň wise-prezidenti Maýk Guerra Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary üçin leksiýa geçirdi. Amerikaly hünärmen talyplara “Linkoln uniwersitetinde iş dolandyryşy: bakalawriat we magistratura programmalary” temasy boýunça leksiýa berdi.

Maýk Guerrra öz çykyşynda Linkoln uniwersiteti, onuň esasy işleri barada doly maglumat berdi. Linkoln uniwersitetinde hödürlenýän akademiki ylymlar barada aýdyldy. Uniwersitetiň programmalary täze görnüşli ýolbaşçylary we menejerleri taýýarlaýar. Bu diňe bazar üýtgeşmelerine uýgunlaşman, eýsem edaralaryň ösüş strategiýasyny taýýarlamak üçin olary öňünden kesgitleýän hünärmenlerdir.
Programmanyň bakalawrlarynyň we magistrantlarynyň aljak bilimleri we başarnyklary ählumumydyr, olar biznes üçin adaty bolmadyk çözgütleri tapmagy we kompaniýanyň meselelerine hemmetaraplaýyn garamagy öwrenýärler. Leksiýanyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar minnetdarlyk bildirdiler, sebäbi talyplaryň arasynda şeýle çäreleriň geçirilmegi olaryň bilim ýüküniň artmagyna ýardam edýär.
Belli bolşy ýaly, Linkoln uniwersiteti ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Oklend şäherinde ýerleşýän hususy uniwersitetdir. Onda iş dolandyryşy ugrundan bakalawriat we magistratura programmalary boýunça, şeýle-de iňlis dilini öwrenmek, şahadatnama almak we bakalawriat programmalary boýunça 500-den gowrak talyp okaýar.


06.03.2026 17:29
5.5k+

HNGU-nyň talyp gyzy kükürtden boýag serişdesini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Maral Gullyýewa adaty kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu oýlap tapyş Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan bellige alyndy...

28.02.2026 13:00
3.5k+

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary halkara akkreditasiýadan geçiriler

Türkmenistanda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H...

17.02.2026 13:06
845

Apple mart aýynyň başynda «ýörite» Apple Experience çäresini geçirer

Apple kompaniýasy 2026-njy ýylyň 4-nji martynda ýörite Apple Experience çäresiniň  geçiriljekdigini yglan etdi. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 19:00 meýilleşdirildi. 9to5Mac neşiriniň belleýşi ýaly, kompaniýa çäräniň resmi tertibini häzirlikçe açyp görkezmedi...

12.02.2026 18:54
1.4k+

Türkmenistanyň ilçisi ýapon hyzmatdaşlary bilen ylmy-tehnologik gatnaşyklary maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Ýaponiýada Türkmenistanyň ilçisi A. Baýramowyň Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň prezidenti H. Koýnuma we bu assosiasiýa bilen hyzmatdaşlyk edýän ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy...