«Santýago Bernabeu» dünýäniň iň gowy stadiony diýlip saýlandy

  • 12.10.2023 08:14
  • 9.3k+

«FourFourTwo» britan žurnaly estetiki özüne çekijilik, tribunadaky atmosfera we taryh ýaly kriteriýalara esaslanyp, iň gowy 32 stadionyň sanawyny düzdi. Sanawda «Real Madridiň» «Santýago Bernabeu» stadiony birinji orny eýeledi.

Ikinji orna bolsa “Flamengo”, “Fluminense”, “Vasco da Gama” ýaly toparlara eýelik edýän meşhur «Marakana» stadiony laýyk görüldi. Ilkinji bäşlige, degişlilikde, «Signal Iduna Park» (Borussiýa Dortmund), «Bombonera» ýa-da «Estadio Alberto Hakinto Armando» (Boka Huniors); we «San Siro» (Milan, Inter) stadionlary girýär.
Bu sanawda «Barselonanyň» «Kamp Nou» stadiony 6-njy orny eýeledi. «Tottenhem Hotspur Stedium» bolsa 9-njy orunda ýerleşdi.


şu gün 13:03
9.3k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

şu gün 12:40
7.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

şu gün 11:14
5k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

düýn 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....