Üçünji “Bir guşaklyk – bir ýol” forumy 17-18-nji oktýabrda Pekinde geçiriler

  • 12.10.2023 08:26
  • 5k+

“Bir guşaklyk – bir ýol” üçünji halkara forumy 17 – 18-nji oktýabrda Pekinde geçiriler. Bu barada HHR-iň DIM-ine salgylanyp, TASS habar berýär.

HHR-iň başlygy Si Szinpin forumyň açylyş dabarasyna gatnaşar diýlip, edaranyň saýtynda ýerleşdirilen habarda bellenilýär. Çäräniň dowamynda beýleki ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler.
Öň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiç foruma gatnaşjakdyklaryny tassykladylar.

“Bir guşaklyk – bir ýol” başlangyjy 2013-nji ýylda Si Szinpin tarapyndan teklip edilen konsepsiýadyr. Onuň maksady köp sanly ýurtlaryň gatnaşmagynda halkara söwda-maýa goýum taslamalaryny işjeňleşdirmek we gyzyklanýan döwletleriň kapitalyndan peýdalanmakdyr. Oňa eýýäm 150-den gowrak ýurt we halkara guramalar goşuldy.


12.05.2026 20:41
12k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

28.04.2026 15:24
11k+

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady

Şu gün Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň we Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezýän işewürler forumy hem-de halkara sergi öz işine başlady.......

28.04.2026 13:59
2.1k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmen-hytaý işewürler forumyna gatnaşyjylary gutlady

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň işewürler toparlarynyň gatnaşmagynda giň gerimli forum we sergi öz işine başlady. Bu ähmiýetli çäre mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar......

19.04.2026 13:14
3.6k+

Hytaýyň 80-den gowrak kompaniýasy Aşgabatdaky işewürler forumyna gatnaşar

Aşgabatda şu aýyň dowamynda geçiriljek Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine işjeň taýýarlyk görülýär. Bu barada şenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew......