Türkmenistanyň milli ýygyndysy «Dubai United» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygynda ýeňiş gazandy

  • 11.10.2023 07:26
  • 23k+

10-njy oktýabrda Dubaý (BAE) şäherinde okuw türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy ýerli «Dubai United» toparynyň garşysyna ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. «Dubai Sport Siti» stadionynda geçirilen duşuşyk 3:1 hasabynda türkmen futbolçylarynyň peýdasyna tamamlandy.

Duşuşykda ýeňiş gollaryny Ruslan Mingazow, Myrat Annaýew hem-de Elman Tagaýew geçirdi.
Ýygyndy toparymyz ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny 15-nji oktýabrda BAE-niň futbol çempionatynyň geçen ýylky çempiony FC “Şabab Al-Ahli” toparynyň garşysyna geçirer. Dubaý şäheriniň “Raşid stadium” stadionynda geçiriljek bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen 18:05-de başlanar.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň öňüsyrasy BAE-niň Dubaý şäherinde halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 18-nji oktýabra çenli dowam eder.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryndaky ilkinji duşuşygyny 16-njy noýabrda Özbegistanyň milli ýygyndysynyň garşysyna geçirer.


düýn 23:07
2.8k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.7k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 15:19
1.7k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....