Simona Baýlz dünýäde iň köp at gazanan gimnastikaçy boldy

  • 07.10.2023 19:48
  • 10k+

Amerikaly Simona Baýlz taryhda iň meşhur gimnastikaçy boldy. Ol çeper gimnastika boýunça dünýä çempionatynda ýeňiji bolandan soň bu ada eýe boldy. Ýaryş Belgiýada geçirildi.

Dünýä çempionatynda eden çykyşlarynyň netijelerine esaslanyp, Baýlz jemi 58,399 utuk toplap, sportyň birnäçe görnüşi boýunça özbaşdak ýeňiji boldy. Ol brewnoda, erkin maşklarda, eliňi diräp bökmekde we pürsüň üstünde eden çykyşlarynda bu utuklary gazandy.
Indi Simonanyň baýrak sanawynda dünýä çempionatynda we Olimpiýa oýunlarynda gazanan 34 medaly bar. Şu gün gazanan altyny bilen Baýlz çeper gimnastikanyň taryhynda iň meşhur türgen boldy.
Diňe bir beýleki zenan gimnastikaçylaryň arasynda däl, eýsem, erkek gimnastikaçylaryň arasynda-da şonça medal gazanan türgeniň ýokdugy bellärliklidir. Indi medallarynyň sany boýunça ol Belarusyň gimnastikaçysy Witaliý Şerbodan (33) öňde barýar.


21.05.2026 23:19
8.2k+

FIFA Eýranyň 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmagy üçin kepillik berdi

Eýranyň Daşary işler ministrligi ýurduň milli ýygyndysynyň ABŞ-nda, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Halkara futbol federasiýasyndan (FIFA) kepillik alandygyny......

15.05.2026 18:58
10k+

Klimatologlar dünýä çempionatynda aşa howply yssynyň boljakdygyny duýdurýarlar

Klimatologlar 2026-njy ýylda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň käbir oýunlarynyň futbolçylaryň we janköýerleriň saglygyna zeper ýetirip biljek aşa yssy şertlerde......

10.05.2026 12:29
4.4k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......

09.05.2026 06:34
4.4k+

FIFA dünýä çempionaty wagtynda ABŞ-ndaky stadionlaryň atlaryny üýtgeder

ABŞ-da futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlaryny kabul etjek Milli futbol ligasynyň (NFL) stadionlarynyň atlary wagtlaýynça üýtgediler....