Nike dünýädäki iň gymmat egin-eşik brendi bolmagynda galýar

  • 05.10.2023 09:15
  • 5.7k+

Amerikanyň sport harytlaryny öndürijisi Nike Inc. nobatdaky gezek iň gymmat brendleriň global reýtinginiň “egin-eşik we aksessuarlar” kategoriýasynda lider boldy. Bu barada Brand Finance kompaniýasynyň her ýyl geçirilýän gözlegine salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

Nike birinji orny 2015-nji ýyldan, ýagny harytlaryň bu kategoriýasy boýunça ilkinji hasabat çykanyndan bäri saklap gelýär. Amerikaly öndürijä degişli bolan brendiň bahasy bir ýylda 5,6% peseldi we 31,3 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar.
Ikinji orunda, bir ýyl ozalky ýaly, Louis Vuitton fransuz brendi ýerleşdi. Onuň bahasy 12,2% ýokarlanyp, 26,29 mlrd dollar boldy. Üçlügi 27%, 19,39 mlrd dollara çenli ösüş görkezen Chanel brendi jemledi.
Iň çalt ösýän brend Celine fransuz moda öýüne degişlidir: bir ýylda onuň bahasy 51% ýokarlanyp, 2,9 mlrd dollara ýetdi.
Iň uly brendlerden başga “lýuks” harytlaryny öndürijiler soňky döwürde käbir kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar, bu beýlekiler bilen bir hatarda sport egin-eşikleriniň ýörgünliliginiň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr diýip, gözlegiň awtorlary belleýär.
H&M we Zara ýaly “çalt moda” ägirtleri hem kynçylyk çekýärler: geçenki reýtingiň çykanyndan bäri bu brendleriň bahasy, degişlilikde, 26% we 15% peseldi.


02.02.2026 10:53
2.8k+

FT: ABŞ-nyň ösen kompaniýalary emeli aň zerarly 52 müň işgäri işden çykarmaga taýýarlanýar

ABŞ-nyň iri kompaniýalary emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we zähmet bazaryndaky ösüşiň haýallamagy sebäpli 52 müňe golaý işgäri azaltmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

25.12.2025 11:05
3k+

Tim Kuk Nike-yň 3 million dollarlyk paýnamasyny satyn aldy, şondan soň olaryň bahasy 5% ýokarlandy

Apple-yň baş direktory Tim Kuk Nike kompaniýasynyň takmynan 3 million dollarlyk paýnamasyny satyn aldy. Reuters agentliginiň habar bermegine görä, işewür kompaniýanyň çärýeklik hasabatynyň gowşak çykmagy sebäpli nyrhlar pese gaçandan soň, her biri 58,97 dollardan bolan 50 müň sany paýnamany satyn aldy...

20.10.2025 17:43
1.9k+

Forbes zenanlar üçin iň gowy kompaniýalaryň reýtingini düzdi: Netflix, Apple we Coca-Cola

Soňky ýüz ýylda dünýäniň köp böleginde zenanlaryň iş şertleri düýpli üýtgedi – häzirki günde olar giň mümkinçiliklere we hukuklara eýe bolup, köp kärde zähmet çekip bilýär. Şeýle-de bolsa, Deloitte Global Women @ Work 2025 gözleginiň görkezişi ýaly, deňlik barada gürlemekden entek ir...

23.03.2025 18:47
3.5k+

Nike satuwlarynyň 20%-e çenli pese gaçyp biljekdigini duýdurdy

Sport harytlaryny, egin-eşikleri we aýakgaplary öndürýän dünýäniň iň iri korporasiýalaryndan biri bolan Nike şu çärýegiň ahyrynda satuwlarynyň pese gaçyp biljekdigini duýdurdy. Munuň sebäbi bolsa, ABŞ-nyň hökümeti...