Polşa 2027-nji ýylda erkekleriň arasynda woleýbol boýunça dünýä çempionatyny geçirer

  • 01.10.2023 08:30
  • 3.3k+

Polşa 2027-nji ýylda erkekleriň arasynda woleýbol boýunça dünýä çempionatyny kabul eder diýip, championat.com habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, bu barada Zakopane şäherinde geçirilen Ýewropanyň ikinji sport we syýahatçylyk kongresinde belli boldy. Polşanyň premýer-ministri Mateuş Moraweskiý Sport we syýahatçylyk ministri Kamil Bortniçuk we Polşanyň woleýbol wekilleri bilen bilelikde dünýä çempionatynyň Polşada geçiriljekdigini mälim etdi.
Bu eýýäm Polşa tarapyndan gurnalýan woleýbol boýunça dördünji uly Halkara ýaryşydyr. Öň, ýurt 2014-nji we 2022-nji ýyllarda erkekleriň arasynda dünýä çempionatlaryny, şeýle-de 2022-nji ýylda Niderlandlar bilen bilelikde zenanlaryň arasynda dünýä çempionatyny kabul etdi.
Polşanyň milli erkekler ýygyndysy soňky on ýylda dört ýaryşda ýeňiji boldy: iki gezek dünýä çempionaty (2014 we 2018), bir gezekden Ýewropa çempionaty (2023) we Milletler ligasy (2023).


19.05.2025 08:40
7.5k+

Türkmen karateçileri Polşada fudokan karate boýunça dünýä çempionatynda 21 medal gazandylar

Polşanyň Pulawy şäherinde geçirilen fudokan karate boýunça dünýä çempionatynda türkmenistanly türgenler jemi 21 medal gazandylar. Bu halkara ýaryşa 47 ýurtdan 3 müň töweregi türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gazananlary: 7 altyn, 5 kümüş we 9 bürünç medal...

26.06.2024 10:57
10k+

Ýewro-2024: C we D toparçalarda netijeler kesgitlendi

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň netijesi boýunça Awstriýa Niderlandlary utup, D toparçada birinji orundan 1/8 finala çykdy. Berlindäki Olimpiýa stadionynda geçirilen oýun Ralf Rangnikiň...

22.06.2024 08:58
12k+

Ýewro-2024: Ukraina ýeňdi, Polşa gaýtdy, Fransiýa – Niderlandlar gol geçirmedi

21-nji iýunda futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşyklary geçirildi: Ukraina Slowakiýa bilen, Polşa Awstriýa bilen, Fransiýa bolsa Niderlandlar bilen oýnady. E toparda Ukraina...

29.09.2023 15:12
2k+

Polşa 2036-njy ýyldaky tomusky Olimpiadany geçirmek isleýär

Polşa 2036-njy ýylda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryny özünde kabul etmek isleýär. Bu barada respublikanyň prezidenti Anjeý Duda žurnalistlere aýtdy diýip, rsport.ria.ru habar berýär. “Men, Polşanyň Olimpiýa...