«Asyryň tutluşygy»: Usik we Fýuri Saud Arabystanynda boljak söweş üçin şertnama çekdiler

  • 01.10.2023 07:41
  • 11k+

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik we britaniýaly Taýson Fýuri agyr agram derejesinde dünýä çempiony diýen ady almak ugrunda göreşmek üçin şertnama baglaşdylar. Bu barada ESPN-niň žurnalisti Maýk Koppinger özüniň X-däki (öňki Twitter) sahypasynda habar berdi.

Söweş 2023-nji ýylyň dekabrynda ýa-da 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Saud Arabystanynda bolmaly. Fýuri 28-nji oktýabrda UFC-niň öňki çempiony Fransis Ngannu bilen söweşer.
Usik 36 ýaşynda, ol Bütindünýä boks birleşiginiň (WBA, “super” goşulmasy bilen), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) we Halkara boks federasiýasynyň (IBF) dünýä çempiony diýen adyna eýe. Professional ýaryşda 21 söweş geçirip, hemmesinde ýeňdi (14 nokaut bilen).
35 ýaşly Fýuri Bütindünýä boksçular geňeşiniň (WBC) dünýä çempiony. Şeýle hem, professional ýaryşda ýeňilmedi - 33 ýeňşi bar (24 nokaut bilen) we 1 gezek deňme-deň boldy.


şu gün 09:52
1.3k+

Nemes boksçysy garşydaşyny birnäçe sekuntda bir urgy bilen nokauta ugratdy

Nemes boksçysy Wiktor Ýurk professional boks taryhynda iň çalt nokautlaryň birini amala aşyrdy....

08.05.2026 10:25
5.2k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.7k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......