WBC Alwares – Çarlo söweşiniň ýeňijisi üçin ýörite guşak berer

  • 26.09.2023 23:55
  • 7k+

Bütindünýä boks geňeşi (WBC) meksikaly Saul Alwares (59-2-2, 39 KO) bilen amerikaly Jermell Çarlonyň (35-1-1, 19 KO) arasyndaky ikinji orta agramda (76,2 kg çenli) absolýut dünýä çempiony ady ugrundaky söweşiň ýeňijisi üçin ýörite guşak hödürledi. Bu barada championat.com habar berýär.

Jermell Çarlo 33 ýaşynda. Ol 2007-nji ýylda professional ringde ilkinji gezek çykyş etdi we 2016-njy ýylyň maý aýynda ilkinji gezek dünýä çempiony ady ugrunda göreşdi. Söweşijiniň hasabynda dünýä titullary üçin dokuz söweş bolup, şolaryň ýedisinde ýeňiş gazandy, birinde ýeňildi we bir gezek deňme-deňlik boldy.
Alwares – Çarlo söweşi 30-njy sentýabrdan 1-nji oktýabra geçilýän gije Las-Wegasda bolup, Showtime teleýaýlymyndan PPV-agşamynyň esasy wakasy bolar.


şu gün 09:52
1.3k+

Nemes boksçysy garşydaşyny birnäçe sekuntda bir urgy bilen nokauta ugratdy

Nemes boksçysy Wiktor Ýurk professional boks taryhynda iň çalt nokautlaryň birini amala aşyrdy....

08.05.2026 10:25
5.2k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.7k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......