UFC 296 ýaryşynda Toni Fergýusonyň garşydaşy belli boldy

  • 24.09.2023 15:36
  • 18k+

UFC-niň prezidenti Deýna Uaýt “Twitter” sahypasynda 16-njy dekabrda geçiriljek UFC 296 ýaryşynda amerikaly Toni Fergýuson bilen britaniýaly Peddi Pimblettiň arasynda söweş boljakdygyny habar berdi. Bu barada championat.com belleýär.

Toni Fergýuson soňky söweşinde Bobbi Grinden demikdiriji usul bilen ýeňildi. Bu ýeňliş onuň üçin yzygider altynjy boldy. Professional garyşyk başa-baş söweşde Fergýusonyň hasabynda jemi 25 ýeňiş we dokuz ýeňliş bar.  
Pimblett soňky söweşinde ABŞ-nyň wekili Jared Gordondan emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen üstün çykdy. Garyşyk başa-baş söweşlerde Peddi 23 söweşe gatnaşyp, 20 ýeňiş gazandy (altysy – nokaut bilen) we üç ýeňlişe sezewar boldy.
Şeýle-de, Deýna Uaýt UFC 296-da Şawkat Rahmonow bilen Stiwen Tompsonyň arasynda-da söweş boljakdygyny belledi.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......