FourFourTwo tarapyndan iň gowy ýaş futbolçylaryň reýtingi hödürlendi

  • 24.09.2023 15:31
  • 13k+

“FourFourTwo” neşiriniň metbugat gullugy dünýäniň iň gowy ýaş futbolçylarynyň reýtingini hödürledi. Muny championat.com ýetirýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, sanawda birinji orny “Barselonanyň” oýunçysy Gawi eýeledi. Ikinji orunda “PSŽ-niň” ýarym goragçysy Uorren Zair-Emeri ýerleşdi. Üçlügi “Barselonadan” Lamin Ýamal jemledi.

Reýtingiň ilkinji onlugy şeýle görnüşde:

  1. Gawi (“Barselona”, Ispaniýa, 19 ýaş);
  2. Uorren Zair-Emeri (“PSŽ”, Fransiýa, 17 ýaş);
  3. Lamin Ýamal (“Barselona”, Ispaniýa, 16 ýaş);
  4. Arda Gýuler (Madridiň “Realy”, Türkiýe, 18 ýaş);
  5. Ewan Fergýuson (“Braýton end Houw Albion”, Irlandiýa, 18 ýaş);
  6. Endrik (“Palmeýras”, 2024-nji ýylda Madridiň “Realyna” goşular, Braziliýa, 16 ýaş);
  7. Gabriel Moskardo (“Korintians”, Braziliýa, 17 ýaş);
  8. Usman Diomande (Lissabonyň “Sportingi”, Kot-d’Iwuar, 19 ýaş);
  9. Aleks Balde (“Barselona”, Ispaniýa, 19 ýaş);
  10. Antoniu Silwa (“Benfika”, Portugaliýa, 19 ýaş). 

düýn 23:41
1.6k+

«Tottenhem» Roberto De Dzerbini baş tälimçi edip belledi. Onuň bilen «uzak möhletleýin» şertnama baglaşyldy

Londonynyň «Tottenhem Hotspur» futbol kluby Roberto De Dzerbininiň baş tälimçi wezipesine bellenendigini yglan etdi. Klub italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnamanyň «uzak möhletleýin» häsiýete eýedigini......

düýn 11:15
8.7k+

Dünýä çempionaty — 2026-a gatnaşyjylaryň ählisi belli boldy: Italiýa ýene-de ýaryşdan çetde galdy

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň gatnaşyjylarynyň doly düzümi belli boldy. Goşmaça duşuşyklarynyň netijeleri boýunça ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek ýaryşa gitjek ähli......

31.03.2026 20:07
11k+

Bangkokdaky ýeňliş Türkmenistany Aziýa Kubogyndan alyp galdy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyrynyň kesgitleýji duşuşygynda Tailanddan 1:2 hasabynda utulyp, ýaryşyň final tapgyryna çykyp bilmedi. Duşuşyk 31-nji martda......

31.03.2026 10:51
11k+

Ýamalam däl, Mbappe-de: Goal «Altyn topa» iň mynasyby yglan etdi

Goal portaly 2026-njy ýylda «Altyn top» baýragyna esasy dalaşgärleriň sanawyny yglan etdi. Onda iň esasy dalaşgär «Bawariýanyň» hüjümçisi Garri Keýn bolup durýar. Ikinji orny «Barselonanyň» wingeri Lamin Ýamal......