Hançžou şäherinde Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň baýdagy göterildi

  • 24.09.2023 08:43
  • 14k+

ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynyň paýtagtynda Türkmenistanyň sport wekiliýetini garşylamak we Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrmak dabarasy boldy. Dabara «Aziýada obasynyň» halkara zolagynda ýerleşýän «Flag Plaza» seýilgähinde geçirildi. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Şu ýylky esasy sport ýaryşlarynda ata Watanymyza wekilçilik etmek bagty paýyna düşen Türkmen döwletiniň wekilleri «Aziýada obasynyň» başlygy Lu Çunsýan tarapyndan garşylandy. Ol Türkmenistandan gelen türgenlere uly üstünlik arzuw etdi.
Hançžou şäherinde Aziýa oýunlary tamamlanýança Türkmenistanyň ýaşyl Tugy asmanda parlap durar. Baýdak galdyrmak dabarasyna türkmen türgenleri bilen bilelikde Makao, Malaýziýa, Saud Arabystany, Gündogar Timor we Wýetnam döwletleriniň wekiliýetleri hem gatnaşdy.
Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň, Hytaýyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem bu çärä gatnaşdylar.


22.06.2026 17:52
5k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....