UFC 296 ýaryşynyň esasy söweşi belli boldy

  • 23.09.2023 09:55
  • 13k+

UFC-niň prezidenti Deýna Uaýt 16-njy dekabrda ABŞ-da geçiriljek UFC ýaryşynyň esasy söweşine gatnaşyjylaryň atlaryny resmi taýdan yglan etdi. Las-Wegasda geçiriljek UFC 296 ýaryşynda çempion Leon Edwards bilen amerikaly Kolbi Kowingtonyň arasynda ýarym orta kategoriýada titul ugrunda söweş bolar. Bu barada Uaýt öz sosial ulgamlarynda habar berdi diýip, championat.com belleýär.

Kowington bu titul üçin eýýäm iki gezek söweşdi, ýöne iki söweşde-de Kamaru Usmandan ýeňildi. Kowingtonyň geçenki söweşi 2022-nji ýylyň mart aýynda UFC 272-de Horhe Maswidala garşy boldy. Kolbi emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen üstün çykdy.
Edwards 2022-nji ýylyň awgust aýynda UFC 278-de Usmany nokauta gidirip, titula eýe boldy, soňra UFC 286 ýaryşynda oňa garşy söweşde tituly goramagy başardy. 


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......