ABŞ-da titandan ömürlik welosiped tekerleri döredildi

  • 22.09.2023 14:22
  • 19k+

ABŞ-da ýel bermegi talap etmeýän tekerler bilen enjamlaşdyrylan welosiped döredildi. Onuň tekerlerinde nikel-titan ergininden ýasalan pružinler ýerleşdirilen. Işläp düzüjiler şeýle welosipediň ömürlik boljakdygyny tassyklaýarlar.

Taslamanyň awtorlary titandan tekeriň 12 müň kilometr geçmäge ýeterlik boljakdygyny belleýärler. Tekeriň içine salnan pružin onuň şekilini saklaýar we zeper ýetmeleriň öňüni alýar. Daşarky päsgelçilik bilen çaknyşylanda, ol deformirlenip biler, ýöne ýene öňki ýagdaýyna gaýdyp geler.
Işläp düzüjileriň bellemeklerine görä, beýle teker hatda agyr heläkçilikde-de ýarylmaz we ony diňe rezini doly könelende abatlamak gerek bolar. Welosiped eýelerine indi tekerlere ýel bermek, basyşy barlamak ýa-da deşilen daşlyklary çalyşmak gerek bolmaz.
Bu tehnologiýa ilkinji gezek NASA tarapyndan marsohodlary döretmek üçin ulanyldy. Indi ol gündelik durmuşda hem ulanylyp bilner. Özboluşly tekerleri bolan welosipedleriň satuwy indiki ýyl başlanar. Olaryň bahasy 1300 dollara golaý bolar.


düýn 10:34
1.4k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......