Johnson & Johnson logotipini 135 ýyldan soň ilkinji gezek täzeledi

  • 21.09.2023 22:47
  • 9.5k+

Amerikanyň Johnson & Johnson holding kompaniýasy ilkinji gezek logotipini täzeledi. Bu lukmançylyk tehniki çözgütler bazarynda ösdürilmegi göz öňünde tutulýan iş meýilnamalary bilen baglanyşykly. Johnson & Johnson köne nyşanyny 135 ýyldan gowrak wagt bäri ulanýar.

Johnson & Johnson holding kompaniýasy wizual stilini üýtgetdi diýip, onuň habarynda aýdylýar. Kompaniýa lukmançylyk we derman serişdeleri bölümlerini bir brendiň astynda birleşdirdi. Janssen derman serişdeleri segmenti Johnson & Johnson Innovative Medicine adyny aldy, lukmançylyk tehnologiýasy segmenti bolsa Johnson & Johnson MedTech adyny saklap galdy.
Johnson & Johnson-yň derman serişdeleri bölüminiň halkara geňeşiniň başlygy Hoakin Duato bu işiň bir brendiň astynda birleşdirilmegi kompaniýanyň saglygy goraýyş pudagynda innowasiýa we ösüşe ygrarlydygyny görkezýändigini aýtdy. Täze logotip kompaniýanyň mirasyna esaslanýar diýip, Duato sözüniň üstüni ýetirdi.

düýn 20:25
1.8k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.5k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......