Türkmenistan Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli ýokary derejeli Maslahaty çagyrmagy teklip etdi

  • 20.09.2023 07:36
  • 7.6k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş edip, Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli ýokary derejeli Maslahaty çagyrmagy teklip etdi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, BMG-niň jogapkärçilikli agza döwleti hökmünde Türkmenistan ileri tutulýan ugurlary belläp, öz çemeleşmelerini we hereketlerini anyk beýan edýär hem-de durmuşa geçirýär. Bu ugurlar boýunça ýurdumyzyň goşandy görnükli bolar we umumydünýä maksatlarynyň bähbidine hyzmat eder, olaryň çalt gazanylmagyna ýardam berer.
Serdar Berdimuhamedowyň ileri tutulýan şol meseleleriň arasynda Ulag babatda durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmagy aýratyn belledi. 

«Biz Türkmenistanyň maksada gönükdirilen işiniň netijesinde, diňe soňky ýyllarda ulag babatda öňe süren başlangyçlarymyz boýunça Baş Assambleýanyň alty kararnamany kabul edendigine buýsanýarys» – diýip, Prezident belledi. 

Serdar Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, şolaryň soňkularynyň hatarynda şu ýylyň maý aýynda kabul edilen «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly kararnamany görkezmek bolar. Döwlet Baştutany bu resminamany biragyzdan goldandyklary üçin, ähli agza döwletlere minnetdarlyk bildirdi.

«Şunuň bilen baglylykda, şol kararnamanyň düzgünlerine esaslanyp, Türkmenistan bu sessiýanyň çäklerinde Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli ýokary derejeli Maslahaty çagyrmagy teklip edýär. BMG-niň degişli düzümleriniň bu çäräni Nýu-Ýorkda guramakda ýardam berjekdigine umyt edýäris» – diýip, Prezident öz çykyşynda belledi.


düýn 22:20
2.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....