FIFA tarapyndan 2023-nji ýylyň iň gowy oýunçysy adyna dalaşgärler belli edildi

  • 17.09.2023 12:44
  • 18k+

Şu ýylyň jemi boýunça The Best Men’s Player baýragyna 12 dalaşgär belli boldy. Reýting FIFA-nyň metbugat gullugy tarapyndan neşir edildi diýip, rsport.ria.ru habar berýär.

Dalaşgärleriň doly sanawy şeýle görnüşde: Hulian Alwares (Argentina), Kewin de Brýoýne (Belgiýa), Rodri (Ispaniýa), Bernardu Silwa (Portugaliýa), Erling Holand (Norwegiýa, hemmesi – “Mançester Siti”), Ilkaý Gýundogan (Germaniýa, “Barselona”), Marselo Brozowiç (Horwatiýa, “Al-Nasr”), Hwiça Kwarasheliýa (Gruziýa), Wiktor Osimhen (Nigeriýa, ikisi-de – “Napoli”), Kilian Mbappe (Fransiýa, “Pari Sen-Žermen”), Deklan Raýs (Angliýa, “Arsenal”), Lionel Messi (Argentina, “Inter Maýami”).
Ýylyň iň gowy derwezebany üçin baýraga marokkoly Ýassin Bunu (“Al-Hilýal”), belgiýaly Tibo Kurtua (“Real Madrid”), braziliýaly Ederson (“Mançester Siti”), kamerunly Andre Onana (“Mançester Ýunaýted”) we germaniýaly Mark-Andre Ter Ştegen (“Barselona”) dalaş edýär.
Dalaşgärleriň sanawy oýunçylaryň 2022-nji ýylyň 19-njy dekabryndan 2023-nji ýylyň 20-nji awgusty aralygynda eden çykyşlarynyň esasynda düzüldi. Ses berişlik 6-njy oktýabra çenli dowam eder.


düýn 23:07
1.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.7k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....