Uaýt UFC-niň WWE bilen resmi taýdan birleşendigini habar berdi

  • 15.09.2023 17:36
  • 24k+

Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) başlygy Deýna Uaýt guramanyň WWE amerikan restling-promouşeni bilen resmi taýdan birleşendigini habar berdi we muny sport taryhynda iň uly wakalaryň biri diýip atlandyrdy. Bu barada rsport.ria.ru belleýär.

WWE we UFC birleşme prosesini sişenbe güni tamamlady. Guramalary birleşdirýän täze kompaniýa – TKO Group Holdings Nýu-Ýorkyň fond biržasynda hasaba alyndy. USA Today-yň habar bermegine görä, ilkinji gün paýnamalaryň bahasy bir paý üçin 102$ boldy. Guramalar birleşenden soň Uaýt UFC-niň baş direktory boldy, Nik Han bolsa WWE-niň prezidenti bolup galar.
The Associated Press-iň maglumatlaryna görä, birleşmeden soň TKO Group Holdings-iň bahasy 21,4 mlrd dollar boldy. UFC kompaniýasy paýnamalaryň gözegçilik bukjasynyň 51%-ini, WWE-niň paýdarlary bolsa 49%-ini saklaýar.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......