Angliýanyň milli ýygyndysy taryhyndaky 600-nji ýeňşini gazanyp rekord goýdy

  • 15.09.2023 14:57
  • 11k+

Angliýanyň milli ýygyndysy ýoldaşlyk oýunda Şotlandiýanyň milli ýygyndysyndan üstün çykdy.

Duşuşyk 3:1 hasabynda tamamlandy. Iňlisleriň düzüminden «Mançester Siti» toparynyň goragçysy Kaýl Uolker, Madridiň «Realynyň» futbolçysy Jud Bellingem we Mýunheniň «Bawariýasyndan» Garri Keýn gol bilen tapawutlandylar. Angliýanyň milli ýygyndysynyň wekili «Mançester Ýunaýtediň» futbolçysy Garri Maguaýr topy öz derwezesine girizdi.
Angliýanyň milli ýygyndysy 600-nji ýeňşini gazanyp rekord goýdy. Bu Ýewropanyň milli ýygyndy toparlarynyň arasynda rekorddyr.
Angliýa Ýewro-2024 çempionatynyň saýlama tapgyryndaky indiki duşuşygyny 17-nji oktýabrda italýanlara garşy geçirer. Bu duşuşyk Ýewro-2020-niň finalynyň gaýtalanmasy bolar. Şol wagt oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy we 11 metrlik jerime urgulary tapgyrynda italýanlar has ýokary takyklyk görkezdiler.


düýn 00:22
3.4k+

«Pari Sen-Žermen» Laureus tarapyndan ýylyň iň gowy sport topary diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» futbol kluby «Laureus World Sports Awards» dabarasynda 2025-nji ýylyň iň gowy sport topary hökmünde ykrar edildi....

21.04.2026 14:50
4.1k+

Sobolenko, Alkaras we Ýamal ýylyň iň gowy türgenleri hökmünde Laureus baýragyny aldy

Madridde dünýäde sport «Oskary» diýlip atlandyrylýan Laureus baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça iň gowy türgenler diýlip tennisçiler — Belarusyň wekili Arina Sobolenko......

20.04.2026 15:24
8.3k+

FIFA-nyň prezidenti 2026-nyň dünýä çempionatynyň biletleriniň gymmat bolmagynyň sebäbini düşündirdi

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň oýunlaryna biletleriň gymmat bolmagynyň guramanyň maliýe gurluşy bilen baglydygyny, sebäbi bu ýaryşyň gurama üçin ýeke-täk girdeji......

19.04.2026 15:02
4.6k+

«Çelsiniň» baş kompaniýasy 630 million funt sterling möçberde zyýan çekdi

«Çelsi» futbol klubunyň baş kompaniýasy bolan BlueCo 22 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanan maliýe ýylynyň netijeleri boýunça 630 million funt sterling möçberinde zyýan çekendigini hasaba aldy....