Şon Striklend Israel Adesanýany ýeňip, UFC-niň orta agram derejesinde çempiony boldy

  • 10.09.2023 19:50
  • 14k+

9-njy sentýabrdan 10-njy sentýabra geçilen gijesi Sidneýde (Awstraliýa) UFC 293-iň garyşyk söweş sungaty boýunça ýaryşy geçirildi. Esasy söweşde guramanyň orta agram derejesindäki häzirki çempiony (84 kilograma çenli) täze zelandiýaly Israel Adesanýa sanawyň bäşinji ornundaky amerikaly Şon Striklendden gorandy.

Söweş bäş raundlap dowam etdi we eminleriň biragyzdan karara gelmeginde Striklendiň ýeňşi bilen tamamlandy. Striklend karýerasyndaky 28-nji ýeňşini gazandy, ýeňlişi bolsa bäş sany. Adesanýa karýerasyndaky üçünji ýeňlişe sezewar boldy. Onuň hasabynda 24 ýeňiş bar.
Aprel aýynda UFC 287-de geçen soňky söweşinde Adesanya braziliýaly Aleks Pereýrany derbi-dagyn etmek bilen, çempion adyny gaýtaryp aldy. Striklend iýul aýynda UFC on ESPN 48-de ikinji tapgyryň başynda nemes Abusupýan Magomedowy wagtyndan öň saklamagy başardy.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......