Türkmenistanyň ilçisi NATO-nyň Baş sekretaryna ynanç hatyny gowşurdy

  • 10.09.2023 19:24
  • 16k+

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçisi Sapar Pälwanow şol bir wagtda Demirgazyk Atlantika şertnamasy guramasynyň (NATO) ýanyndaky Türkmenistanyň wekili hökmünde guramanyň Baş sekretary Ýens Stoltenberge ynanç hatyny gowşurdy.

Ynanç hatyny gowşuryş çäresiniň barşynda guralan duşuşykda özara hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy. Bilim ulgamynda üstünlikli ýerine ýetirilen maksatnamalar barada durlup geçilip, taraplaryň ileri tutýan ugurlarynda hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardygy mälim edildi.
Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine, dostluk, goňşuçylyk gatnaşyklaryna we demokratiýa esaslanýan daşary syýasaty barada giňişleýin durup geçdi. Şeýle hem, ilçi Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň diňe goranyş häsiýetlidigini, ählumumy howpsuzlygy we parahatçylygyny berkitmäge, milli bähbitlerini goramaga we harby howpsuzlygyny üpjün etmäge ygrarlydygyny tassyklady.
Türkmen ilçisi şeýle hem kiberhowpsuzlygy, adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak, himiýa, biologiýa, radiologiýa, atom howpszulygy, harby lukmançylyk, terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, harby hünärmenlere daşary ýurt dillerini öwretmek ýaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada durup geçdi.
Öz gezeginde NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg sebit howpsuzlygy we durnuklylygy ulgamynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýada eýeleýän ornunyň wajyplygyny belledi. Şeýle hem, ýurtlaryň Owganystana ynsanperwer kömegini bermek meselelerine möhüm ähmiýet berildi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......