Marokkoda güýçli ýertitreme bolup geçdi, pidalaryň sany 632-ä ýetdi

  • 09.09.2023 14:13
  • 25k+

Marokkoda bolup geçen güýçli ýertitremäniň pidalarynyň sany 632-ä ýetdi, 329 adam ejir çekdi diýip, Hespress agentligi Marokkonyň Içeri işler ministrligine salgylanyp habar berýär.

Marokkonyň Milli geofizika institutynyň beýanatyna görä, 7 balla ýeten ýertitreme ýerli wagt bilen anna güni gije 23:11-de bolup geçdi (aşg. wagty bilen 03:11, şenbe).
Ministrligiň maglumatlaryna görä, 290 adam Al-Hauz welaýatynda (Marrakeşden günortada), 190 adam Tarudant, 89 adam Çiçaua, 30 adam Uarzazat we 13 adam Marrakeş sebitinde aradan çykdy. Ýurduň beýleki sebitlerinden hem birnäçe adamdan aradan çykdy.
Sky News Arabia neşiriniň habar bermegine görä, ýertitreme birnäçe minutlap dowam etdi. Al Jazeera-nyň bellemegine görä, ýertitreme netijesinde ýurduň ÝUNESKO-nyň mirasy diýlip yglan edilen taryhy bölegi ýumrulypdyr.
Soňky gezek şular ýaly güýçli ýertitreme Marokkoda 2004-nji ýylda bolup geçdi. 6,5 bally ýertitremede 600-den gowrak adam aradan çykdy.


25.06.2026 12:37
6.8k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.5k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....