Dünýädäki ähli klublar transferler üçin 7,63 mlrd ýewro sarp etdiler – bu täze rekord

  • 01.09.2023 17:30
  • 15k+

Dünýädäki ähli futbol klublary bir transfer penjiresinde täze oýunçylary satyn almak üçin çykdajylar boýunça täze rekord goýdular. Bu barada Transfermarkt internet portaly habar berýär diýip, championat.com belleýär.

Öň, rekord çykdajy 2019-njy ýylyň tomusky transfer penjiresinde bolupdy. Şonda dünýädäki ähli klublar täze oýunçylary satyn almak üçin 7,568 mlrd ýewro sarp etdiler. 2023-nji ýylyň tomsunda satyn alyşlar üçin 7,63 mlrd ýewro sarp edildi.
Bellenilişi ýaly, täze rekordyň goýulmagyna häzirki transfer penjiresinde eýýäm 846 mln ýewro sarp etmäge ýetişen Saud Arabystanynyň klublarynyň hem täsiri boldy. Şeýle-de, Angliýanyň Premýer-ligasynyň toparlary täze futbolçylary satyn almak üçin öz çykdajylaryny artdyryp, 2,43 mlrd ýewro sarp etdiler. Bu 2019-njy ýyla garanda tas 1 mlrd ýewro köpdür.


düýn 23:07
2.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....