1-nji sentýabr: birinji synp okuwçylarynyň ene-atalary nämeleri bilmeli

  • 31.08.2023 23:43
  • 20k+

Mekdepde birinji ýyl çaganyň we onuň ene-atasynyň durmuşynda möhüm tapgyrdyr. Ir turmak, synpdaşlar bilen aragatnaşygy ýola goýmak we öý işlerini ýerine ýetirmek çagada dartgynlylyk ýagdaýyny döredip biler. Ene-atalaryň çaganyň täze gurşawa öwrenişmegine nähili kömek edip biljekdigi barada käbir maslahatlary ýetirýäris.

Çaga bilen möhüm zatlary ara alyp maslahatlaşyň:
“Çaganyň bilmeli zatlary barada aýdyň: onuň ady we familiýasy, ýaşy, ene-atasynyň atlary we aragatnaşyk maglumatlary. Şeýle-de, çaga ony mekdepden kimiň alyp gaýdyp biljekdigini we alyp gaýdyp bilmejekdigini hem bilmelidir” – diýip, hünärmenler belleýär.

Toparda özüňi alyp barmagyň düzgünleri barada aýdyň: Mekdep deň-duşlar bilen resmi aragatnaşyk üçin ilkinji tejribedir. Köplenç, bu wagta çenli çaganyň eýýäm dostlary, ýoldaşlary bolýar, ýöne synpdaşlar bilen gatnaşygy ýola goýmak örän kyn bolup biler. Psihologlar maşgala gymmatlyklaryny mysal hökmünde ulanyp, toparda özüňi alyp barmagyň düzgünlerini öwretmegi maslahat berýär.
“Mysal üçin: birek-birege hormat goýmaly, dawa-jenjellerde şahsyýeti kemsitmeli däl. Eger bir zady halamaýan bolsaň, anyk “ýok” diýip jogap bermeli. Başga biriniň “bolanok” jogabyna hormat goýmaly. Kesekiniň zadyny soramazdan almak gadagandyr”.
Psihologlar “Eger örän gyssagly bolsa, gürleýäniň sözüni bölýändigiň üçin ötünç sorap, öz islegiňi aýt” – diýen sözleriň çaga toparda “bolmaga” utanmazlygy öwretmekde kömek edýändigini belleýärler.

Öý işleriniň ýerine ýetirilişini gurnaň: Öý işlerini ýerine ýetirmek üçin şol bir wagty saýlaň. Çaganyň ýadamazlygy üçin ilki kyn ýumuşdan başlap, iň ýönekeýine geçmeli.

Uky režimini berjaý ediň: Hünärmen çaga gowy ukusyny alan ýagdaýynda, mekdebe ir turmagyň mümkindigini belleýär. Psiholog uky režimini hatda dynç günleri hem berjaý etmegi maslahat berýär.

Çaga özbaşdaklygy öwrediň: Çaga ene-atasy üçin hemişe çaga bolup galýar, ýöne özbaşdaklygy gazanmak onuň ösüşinde möhüm ädimdir. Psiholog çaganyň özbaşdak bolmagyna kömek etmek üçin birnäçe maslahatlary berýär:

1. Şahsy görelde – siziň ýakyn kömekçiňiz. Eger çaga “Men başaramok, maňa kömek et” diýse, meseläni şol wagt çözjek bolmaň. “Gel, bile ýerine ýetireli, men häzir saňa öwrederin” diýen sözler bilen çagany ruhlandyryň.
2. Çägi kesgitläň we ony şeýle düşündiriň: “Seniň özüň edip biljek zatlaryň bar, men olary seniň deregiňe etmerin”.
3. Öz çagaňyza ynanyň, kiçijik ädimler bilen onuň ähli işiniň başa barjakdygyny ýatladyp duruň.

Psihologlar çaganyň mekdebe gitmäge isleginiň bolmazlygyny adaty hasaplaýarlar. Olar çaganyň öwrenişmegi üçin biraz wagt gerek boljakdygyny belleýärler.
Şeýle-de, psiholog çagany emosional taýdan goldamagy maslahat berýär.

26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......