Toyota ilkinji gezek 2023-nji ýylda 10 milliondan gowrak awtoulag öndürer

  • 31.08.2023 16:34
  • 19k+

Toyota Motor korporasiýasy 2023-nji ýylda 12 aýyň dowamynda ilkinji gezek 10 milliondan gowrak awtoulag öndürer. Bu barada Nikkei gazeti çeşmelere salgylanyp habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, meýilnamada 10,2 million awtoulag diýlip kesgitlenildi. Olardan 3,4 million awtoulag Ýaponiýanyň özünde, ýene 6,8 million awtoulag daşary ýurt önümçilik ýerlerinde öndüriler. Şeýlelikde, bu görkezijiler, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, degişlilikde 30% we 10% ýokarlanar.
Meýilnama üstünlikli ýerine ýetirilse, Toyota Motor-yň ýyllyk öndürýän awtoulag sany ilkinji gezek 10 milliondan geçip biler. Ýylda 9,05 million ulag öndürilip goýlan öňki rekord 2019-njy ýyla degişli. 2025-nji ýyla çenli Toyota Motor önümçiligi ýylda 11 million awtoulaga ýetirmegi meýilleşdirýär.
Toyota toparyna girýän kompaniýalar tarapyndan öndürilýän Daihatsu arzan markasy we Hino awtoulaglar hem-de awtobuslar brendi bilen birlikde ýylda 10 million awtoulag öndürmeli diýen sepgitden 2013-nji ýylda geçdi.
Kompaniýa pandemiýa döwründe pese gaçandan soň, häzirki wagtda göwrümini barha artdyrmak bilen. Şeýlelikde, 2020-nji ýylda bary-ýogy 7,9 million birlik, 2021-nji ýylda bolsa eýýäm 9,02 million öndürildi.


düýn 09:36
2.4k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
6.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
12k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

09.06.2026 15:11
3.5k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......