Holand PFA tarapyndan ýylyň oýunçysy saýlandy

  • 31.08.2023 11:44
  • 11k+

“Mançester Sitiniň” hüjümçisi Erling Holand Professional futbolçylaryň assosiasiýasy (PFA) tarapyndan ýylyň oýunçysy diýlip saýlandy, ýylyň ýaş oýunçysy üçin baýragy bolsa “Arsenalyň” hüjümçisi Bukaýo Saka aldy.

Report agentliginiň habar berşi ýaly, degişli habar PFA-nyň X sosial ulgamyndaky sahypasynda ýerleşdirildi. Holand Dortmundyň “Borussiýasyndan” “Mançester Sitä” geçen tomus goşuldy we ilkinji möwsümini üstünlikli oýnady.
Holand ähli ýaryşlarda “Siti” üçin 52 gol geçirdi, şol sanda Premýer-liganyň möwsüminde rekord 36 gol. Erling topar bilen diňe bir içerki çempionatyň titulyny däl, eýsem Angliýanyň kubogyny we Çempionlar ligasyny utdy.
PFA-nyň wersiýasy boýunça, ýylyň oýunçysy ady ugrundaky göreşde 23 ýaşly norwegiýaly oýunçy Kewin de Brýoýneden we Jon Stounsdan, şeýle-de “Arsenaldan” Bukaýo Saka bilen Martin Edegordan hem-de öň “Tottenhemde” çykyş eden Harri Keýnden öňe geçdi.
Ýylyň ýaş oýunçysy bolsa, belleýşimiz ýaly, öň bu baýraga üç gezek dalaş eden Saka boldy. 15 gol we 11 netijeli geçirim 21 ýaşly angliýaly oýunça klubdaşy Gabriel Martinelliden, Holanddan, “Aston Willada” oýnaýan Jeýkob Remsiden, “Braýtondan” Ewan Fergýusondan we “Çelsiden” Moýses Kaýsedodan öňe geçip, ses berişliginiň ýeňijisi bolmaga kömek etdi.
Şeýle-de, PFA Premýer-liganyň simwoliki ýygyndysyny atlandyrdy, oňa “Arsenalyň” we “Sitiniň” oýunçylaryndan başga-da, “Nýukaslyň” goragçysy Kiran Trippýer we “Tottenhemiň” öňki hüjümçisi Harri Keýn goşuldy.
Belläp geçsek, bu PFA-nyň ýubileý bolan 50-nji baýrak gowşurylyş dabarasy boldy.


şu gün 14:15
2.4k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 15:58
11k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.4k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.3k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......