31-nji awgustda aýyň dowamynda ikinji gezek Dolan Aýyň bolmagyna garaşylýar. Moskwa Planetariumynyň metbugat gullugynyň TASS-a beren habaryna görä, bu gezek ol äpet Aý diýlip atlandyrylýan - Aýyň Ýere iň ýakyn nokatdan (perigeýe) geçmegi bilen gabat geler.
Aýyň dowamyndaky ikinji Dolan Aýa "mawy" diýilmegi reňk sebäpli däl-de, ortaça üç ýyldan bir gezek ýüze çykýan hadysanyň seýrek bolýandygy sebäpli atlandyrylýar. Resmi däl adalga iňlis dilindäki "once in a blue moon" ("bir gezek “mawy Aý” bolanda") aýtgysy bilen baglanyşykly. Bu gezekki "ikinji" Dolan Aý Aýyň orbitasynyň Ýere ýakyn nokada - perigeýe mümkin boldugyça golaý gelmegine gabat geler. Bu onuň görünýän diametrini hasam ulaldar: planetamyzdan iň uzakda wagtyndan (apogeýanyň üstünden) 13,5% uly bolar.
"Ýere iň ýakyn aralykda, öz orbitasynyň töwereginde Aý 30-njy awgustda, Aşgabat wagty bilen 20:52-de bolar we 31-nji awgustda Aşgabat wagty bilen 06:37-de doly Aý fazasyny alar. Bu wakalaryň arasyndaky tapawut 9 sagat 45 minut bolar. 31-nji awgustdaky Aý dolmasy döwri (29, 30 we 31-nji awgust) supermun diýlip atlandyrylyp bilner "- diýip, planetaride takykladylar.
Indiki gezek bir aýyň dowamynda iki gezek Aý dolmasyny Ýeriň ýaşaýjylary 2026-njy ýylyň maý aýynda görüp bilerler.