Hindistan Güni öwrenmek boýunça stansiýasyny 2-nji sentýabrda uçurar

  • 29.08.2023 15:27
  • 10k+

Hindi kosmos gözleg guramasy (ISRO) ýurduň ilkinji Aditya L-1 (Aditya-L1) Gün gözleg stansiýasyny 2-nji sentýabrda uçurmagy meýilleşdirdi.

"Hindistanyň ilkinji Gün kosmos stansiýasy bolan Aditya L-1-iň uçurylyşy 2023-nji ýylyň 2-nji sentýabryna meýilleşdirilýär" – diýip, ISRO X (öňki Twitter) sosial ulgamynda habar berdi.

Uçuryş ýerli wagt bilen sagat 11:50-de (Moskwa wagty bilen 09:20) Satiş Dhawan kosmos merkezinden amala aşyrylar. Ol Bengal aýlagyndaky Şriharikota adasynda (Andhra Pradeş) ýerleşýär.
ISRO-nyň habaryna görä, "Aditya L-1" Ýerden takmynan 1,5 million km uzaklykdaky Gün-Ýer ulgamynyň Lagranža L1 nokady sebitindäki galo-orbita çykarylar. Bu pursatda awtomatiki stansiýa Ýere we Güne görä hereketsiz bolup biler, bu bolsa ýyldyzy päsgelçiliksiz synlamagy üpjün edýär. Birnäçe gezek yza süýşürilen “Aditya L-1” missiýasynyň esasy maksady Gün koronasyny, hromosferany we Gün şöhlelerini dürli spektrlerde öwrenmekdir.


düýn 10:51
865

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

07.06.2026 19:54
2.1k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

30.05.2026 20:46
2.6k+

NASA kosmonawtlaryň Aýda münjek täze rowerlerini görkezdi

NASA kosmos agentligi Aýyň günorta polýusynda gurnaljak geljekki ylmy bazanyň esasy tehniki bölekleriniň täze çyzgylarynyň ýakyndan tanyşdyrylyşyny geçirdi....

30.05.2026 01:11
1.5k+

NASA Aý missiýalary üçin döreden aşa çydamly we arzan materialyny synagdan geçirdi

NASA-nyň Glenn barlag merkezinde Aý tozanynyň meňzeşinden gyzgynlyga çydamly we ykdysady taýdan bähbitli täze bir material işlenip düzüldi. Ol geljekki Aý missiýalarynda kosmonawtlaryň enjamlaryny goramak we......