Android-de hemra aragatnaşygy 150 ýurtda işläp biler

  • 29.08.2023 15:24
  • 8.8k+

Android 14 hemra aragatnaşyk aýratynlygyna eýe bolup, Google Messages habarlaşma programmasy arkaly işlär. Bu barada SamMobile portaly dörediji Nil Rahmuniniň sözlerine salgylanyp habar berdi.

Höwesjeňleriň biri Android beta koduny öwrendi we täzelik ulanyjylara öýjükli gurşaw ýok halatynda Garmin hemra ulgamynyň üsti bilen tekst habarlaryny ibermäge mümkinçilik berjekdigini anyklady. Munuň üçin rus dilinde lokallaşdyrylan enjamlarda “Habarlar” diýlip atlandyrylýan Google Messages programmasy ulanylar.
Garmin kompaniýasy, öz gezeginde, Ýeriň pes orbitasynda hemra ulgamyny saklaýan Iridium bilen işleýär. Bu maglumat tassyk bolan ýagdaýynda, hemra aragatnaşygynyň funksiýasy, Android 14 resmi taýdan çykandan we bu täzeliklere laýyk gelýän enjamlar girizilenden soň, dünýäniň 150-den gowrak ýurdunda elýeterli bolar. Hyzmatyň bahasy entek aýan edilmedi.
Apple ozal öz smartfonlaryna şuňa meňzeş funksiýany girizipdi. Şeýle-de bolsa, iPhone 14 -däki “Gyssagly kömek jaňy - hemra arkaly SOS” dünýäniň diňe 14 ýurdunda işleýär.

şu gün 06:43
949

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......

düýn 23:18
684

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
510

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.5k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....