BYD dünýäde iň iri awtoulag öndürijileriň ilkinji onlugyna girdi

  • 29.08.2023 15:19
  • 11k+

Hytaýyň BYD kompaniýasy Hytaýda iň iri elektrik ulaglaryny öndüriji, gibridleri we elektrik ulaglaryny öndürýän iň iri kompaniýadyr, ýöne ol adaty awtoulag öndürijileriniň fonunda şu wagta çenli beýlebir göze ilmedi, diňe geçen ýarymýylyň jemi boýunça dünýä liderleriniň sanawynda onunjy orny eýeledi. Hytaý awtoulag öndürijileriniň üstünligini indi diňe içerki bazar kesgitlänok, sebäbi soňky ýarym ýylda Hytaýdan awtoulag eksporty 76% ýokarlandy.

Nikkei Asia Review-yň bellemegine görä, Hytaýyň awtoulag öndürijileri şu ýylyň birinji ýarymynda ýurduň daşyna 2,14 million awtoulag iberdi, olardan 80 000-den gowrak gibrid we elektrik ulaglary eksport edildi.
MarkLines-iň berýän maglumatyna görä, üstümizdäki ýylyň ilkinji alty aýynda BYD ulaglarynyň dünýä bazaryna iberilmegi, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 96% artyp, 1,25 million birlige ýetdi we bu kompaniýanyň dünýä liderleriniň ilkinji onlugyna girmegine mümkinçilik berdi. 2022-nji ýylda BYD-niň bary-ýogy 16-njy orny eýeländigi, 2021-nji ýylda, hatda, ilkinji ýigrimilikde-de ýokdugy bellärliklidir. BYD gymmat we has arzan elektrik ulaglarynyň we zarýad berilýän gibridleriň satuwyny artdyrmak arkaly bazardaky ornuny berkitmegi başardy.


16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.7k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......