Toyota täze GR Corolla RZ sport ulagyny hödürledi

  • 26.08.2023 16:55
  • 19k+

Ýapon kompaniýasynyň Gazoo Racing sport bölümi Toyotanyň GR Corolla RZ 2024 hetçbeginiň täze modifikasiýasyny çykardy. Awtoulagyň adaty görnüşine wizual meňzeşligine garamazdan, hödürlenen model düýpden täzeden düzüldi. Hetçbegiň daşky görnüşinde-de, gurluşynda-da üýtgeşmeler bolup geçdi.

Awtoulagyň ösüşiniň bir bölegi hökmünde inženerler esasan iki ugurda — duýgurlygy ýokarlandyrmakda we aerodinamikany gowulandyrmakda ünsi jemlediler. Birinjisi, berkidiji boltlaryny çalyşmak arkaly şassiniň berkligini ýokarlandyrdylar, ikinjisi üçin öň bamperiň gyralaryna howa gapaklaryny goýdular. Edilen ähli gowulaşmalar öň 24 sagatlyk ýaryşa gatnaşan sport awtoulagynda synagdan geçirildi.
Hetçbegiň kapotynyň aşagynda 304 at güýji bolan öňki 1,6 litrlik turbo hereketlendirijisi ýerleşýär. Ol köp diskli mufta we 2 sany opsiýa differensialyny öz içine alýan täze “mehanika” we ähli tigirleri hereketlendiriji bilen sazlaşýar. Ýapon modeliniň bu görnüşi 550 nusgada çykar.


şu gün 14:05
2.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

şu gün 08:16
1.9k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.8k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......